Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 29.04.2026 07:36
  • 1.1k+

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy diýip, ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipesi bilen gutlap, onuň diplomatik işini ýerine ýetirmeginde zerur bolan ähli ýardamy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Gepleşikleriň netijesi boýunça daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri dowam etdirmek, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň mejlislerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem taraplar Aşgabatda we Kairde özara Medeniýet günlerini guramak, saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada özara gyzyklanmalaryny tassyklady.


şu gün 13:44
1.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....