Türkmenistanyň DIM-inde UNHCR-iň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili kabul edildi

  • 19.03.2026 07:33
  • 1.8k+

18-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda M. Safarly bu wezipä bellenilmegi baradaky hatyny gowşurdy. M.Bäşimowa oňa bu jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň UNHCR bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Ýurduň bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenildi.

Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmakda gazanan üstünliklerine, şol sanda 2019–2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine we Sebitleýin ministrler maslahatynyň netijelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlara gatnaşmagy, şol sanda Raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça Ählumumy bileleşige goşulmagy we Bosgunlaryň meseleleri boýunça ählumumy forumlaryna gatnaşmagy bilen bagly meselelere seretdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitdäki ynsanperwer meseleler boýunça garaýyşlaryny beýan etdi we häzirki döwür üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmek meselelerini maslahatlaşdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......