Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

  • 17.04.2026 10:26
  • 1.2k+

15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuteriň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy guramanyň wekiliýetine «TurkmenTravel – 2026» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar häzirki hyzmatdaşlygy we mundan ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy. Gepleşikleriň dowamynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmek, infrastrukturany ösdürmek we hünärmenleri taýýarlamak meseleleri barada söz açyldy.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şeýle hem türkmen tarapy 2027-nji ýylyň «Durnukly we daşky şertlere uýgunlaşan syýahatçylygyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegini hem-de kabul edilen «ýol kartasynyň» işe girizilmegini goldady.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda sanly çözgütler, innowasiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, täze iş orunlaryny döretmek, pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak görkezildi.

Munuň bilen birlikde, amaly meseleler, şol sanda talyplar we hünärmenler üçin «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň ýöriteleşdirilen okuw maslahatyny geçirmek baradaky meseleler maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy guramanyň düzümlerine has işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady we Ýewropa sebitleýin komissiýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak mümkinçiligine garady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......