Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 10.04.2026 16:43
  • 2.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

7-nji aprelde Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň komissary Ça Ýong-ho bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy raýatlaryň birek-biregiň ýurtlaryna syýahat etmegi üçin amatly şertleri döretmek we olaryň hukuklarynyň goragyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Taraplar migrasiýa ulgamynda şertnama-hukuk esasyny kämilleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdy.

8-nji aprelde bolsa Koreýanyň daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wunyň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ýurtlaryň konsullyk gulluklarynyň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça konsullyk we hukuk meseleleriniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlyk tassyklanyldy.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......