Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlady

  • 25.04.2026 12:10
  • 1.9k+

24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa döwletara gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileýiň Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Diplomat Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary we ýurduň durnukly ösüş babatdaky halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Latyn Amerikasy döwletleri bilen gepleşikleri giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem myhmana Mejlisiň düzümi we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Taraplar türkmen-argentin gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarynyň giň gerimi boýunça pikir alyşdy. Kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Enrike Ignasio Ferrer Wieýra özara ynam we hormat esasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......