Türkmenistanyň DIM-inde zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara maslahatlar gözden geçirildi

  • 26.03.2026 15:19
  • 2k+

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny we gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan möhüm duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, CEDAW-yň başlygynyň orunbasary Marianna Mikko, şeýle hem ýurduň Mejlisiniň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hem-de UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligini üpjün etmek baradaky halkara borçnamalaryna ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Esasy üns 2024-nji ýylyň fewralynda CEDAW Komiteti bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça işlenip düzülen maslahatlaryň ähmiýetine gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimler we işlenip taýýarlanan Ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2026-2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny üpjün etmek üçin milli kanunçylyk binýadyny halkara tejribeler esasynda kämilleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda halkara guramalar bilen dowamly we netijeli dialogy saklamagyň hem-de zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli mehanizmlerini kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

30.04.2026 20:14
1.8k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

29.04.2026 07:36
1.1k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......