Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

  • 15.04.2026 11:38
  • 1.2k+

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ministr ilçini wezipä girişmegi bilen gutlady we döwletara gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleriň yzygiderli ösýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Italiýa amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetini nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik forumlarynyň geçirilmeginiň möhümdigi we mundan ozal Rimde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň üstünligi bellenilip geçildi.

Diplomatlar, şeýle hem halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......