R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 14.03.2026 09:29
  • 2.4k+

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerine we geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garady.

Türkmen tarapy ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanyp, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady hem-de raýat ilatynyň goraglylyk meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna ygrarlydygy hem-de ynsanperwer işiniň bitaraplyk we garaşsyzlyk ýörelgelerini goldaýandygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem sebitdäki ynsanperwer ýagdaýa gözegçilik etmek, tejribe alyşmak, bilermenleriň geňeşmelerini guramak we bilelikdäki okuw çärelerini geçirmek ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy.

Ynsanperwer çärelerine gatnaşýan milli düzümleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......