6.4k+

Hytaýyň ilaty bir ýylda 3,39 mln adam azaldy

Hytaýyň ilaty 2025-nji ýylda 3,39 mln adam azaldy. Muny HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär. Statistika görä, bir ýylda ýurtda 7,92 mln adam dünýä indi, ýogalanlaryň sany 11,31 mln adama ýetdi...

5.3k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...

6k+

Hytaý bir günüň içinde iki sany kosmos raketasyny ýitirdi

Hytaýyň kosmos maksatnamasy üçin garaşylmadyk şowsuz gün boldy. Bir günüň dowamynda ýurduň iki sany raketa göterijisi heläkçilige uçrady. Bu barada Hytaýyň esasy habarlar serişdeleri bolan «Sinhua» we «China Daily» agentlikleri habar berýärler...

10k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

2.3k+

Hytaýly inženerler kagyz galyňlygyndaky Gün batareýasyny döretdiler

Hytaýdaky Suçžou uniwersitetiniň alymlary galyňlygy kagyza deň bolan çeýe Gün batareýasyny döretdiler. Batareýa köp gatlakly gurluşa esaslanýar we TASS-yň Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp berýän habaryna görä, özünde kristal kremniýniň we perowskitiň örän inçe gatlaklaryny birleşdirýär...

3.1k+

AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi. Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy...

2.8k+

Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler

Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir...

4.7k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar

9-njy ýanwarda Hytaýda AX60 kuzowly täze Toyota RAV4 krossoweriniň resmi satuwlary başlandy. Modeliň bahasy 169 800 ýuandan 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 300 – 32 800 dollar) aralygynda üýtgeýär. Emma ilkinji satyn alyjylar üçin ýörite arzanladylan baha — 151 800 ýuandan (takmynan 21 700 dollar) başlaýan nyrhlar hödürlenýär...

6.5k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

7.3k+

Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi

Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar. 1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär...

6k+

Kia baha bäsdeşligi sebäpli Hytaýda öz awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatdy

Kia Hytaýda öz awtomobilleriniň bahalaryny arzanladandygyny mälim etdi. Uly arzanladyşlar ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket edýär we kompaniýanyň ýurtda satylýan ähli model hataryna degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, täze bahalar modelleriň ähli wersiýalaryna däl-de, üpjünçilik derejesi ortaça bolan awtomobillere degişlidir...

5.8k+

Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar

9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy...

7.8k+

Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy

Hytaýda alty tonnalyk «Lanying R6000» konwertoplanynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. «Sinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, synag uçuşy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda geçirildi. Bu howa gämisi Hytaýyň «United Aircraft» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, onuň hereketlendirijisini bolsa «AERO Engine Corporation» kärhanasy öndürdi...

8.9k+

Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar...

10k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlady

“Ýönekeý” kompaniýasy hemmeleri Täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürek gutlaýar hem-de Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýa okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlandygyny habar berýär. Okuw ugurlarynyň arasynda dil taýýarlygy (padkurs), bakalawr, magistrlik okuw maksatnamalaryndan başlap, jemi 150-den gowrak ugur saýlap bolýar...

7.8k+

Hytaýyň robotlary konsertinde deň salto aşyp hemmeleri haýran galdyrdy

Hytaýyň "Unitree Robotics" kompaniýasynyň "G1" modelli alty sany adamşekilli (antropomorf) roboty aýdymçy Wan Lihunyň çykyşy wagtynda sinhronlykda (deň) öňe tarap salto aşyp görkezdiler. Gonkongyň "South China Morning Post" (SCMP) gazetiniň ýazmagyna görä, Çendu şäherinde geçen şüweleňde "Open Fire" aýdymy ýerine ýetirilende, robotlar tans toparynyň agzalary hökmünde çykyş etdiler...

5.1k+

TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi

TikTok öz amerikan bölümçesini amerikan maýadarlary tarapyndan dolandyrylýan bilelikdäki kärhana satmak barada şertnama gol çekdi. Alyjylaryň düzümine Oracle korporasiýasy, Silver Lake we MGX kompaniýalary girdi diýip, TikTok-yň baş direktory Şou Szy Çuwuň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios we Bloomberg ýazýar...