Hytaýda ýurtda iň uzyn awtomobil tuneli açyldy

  • 31.12.2025 08:46
  • 9k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýurduň iň uzyn awtomobil tuneli boýunça hereket açyldy. «Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, gürrüň Urumçi — Ýuýli ýokary tizlikli awtomagistralynda gurlan, uzynlygy 22,13 kilometre ýetýän «Týanşan Şenli» tuneli barada barýar.

Tunel Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýär we Týan-Şan daglarynyň aşagyndan geçýär. Onuň ulanmaga berilmegi sebitiň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän tutuş tizlikli ýoluň açylmagynda möhüm tapgyr boldy. Indi daglyk ýerlerden geçmek üçin birnäçe sagadyň ýerine, takmynan 20 minut ýeterlikdir.
Tuneliň iň çuň ýerleşýän nokady 1,1 kilometre ýetýär. Gurluşyk işleri wagtynda inženerler 16 sany geologik jaýryk zolagy, ýokary seýsmiki işjeňlik we örän pes temperatura ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Tunel bilen bir wagtda uzynlygy 324,7 kilometr bolan awtomagistral hem işe girizildi. Ol Sinszýanyň iri şäherlerini birleşdirip, Urumçi we Korla şäherleriniň arasyndaky ýol wagtyny 7 sagatdan 3 sagada çenli azaltdy. Taslama bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçirildi we oňa goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 6,63 milliard dollara ýetdi.
Dünýädäki iň uzyn awtomobil tuneli adyny heniz hem Norwegiýadaky Lerdal tuneli saklap galýar. Ol Hytaýyň bu täze tunelinden 2,38 kilometr uzyndyr.


24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....