Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykýar: satuw 9-njy ýanwarda başlar

  • 06.01.2026 14:14
  • 5.8k+

9-njy ýanwarda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy altynjy nesil Toyota RAV4 XA60 krossowerini hytaý bazaryna ibermäge başlar. Model täzelenen daşky görnüşe, gaýtadan işlenen interýere we güýç enjamynyň üç görnüşine – arassa benzine we iki gibride eýe boldy.

Awtoulag 169 800-den 228 800 ýuan aralygynda (takmynan, 24,3 müň dollardan 32,7 müň dollara çenli) satylýar. Ilkinji alyjylar üçin arzanladylan başlangyç baha – 151 800 ýuan (takmynan, 21,7 müň dollar) göz öňünde tutuldy.
Toyota RAV4 XA60 krossoweri C şekilli faralara, «howada gaýýan» üçek effektine, gara tigir disklerine we yzky çyralary birleşdirýän yşyk zolagyna eýe boldy. Awtomobiliň göwrümi 4620×1855×1680 mm barabar.
Krossoweriň salonynda üç ekran bolup, olaryň arasynda proeksion displeý we 15,6 dýuýmlyk multimedia ekrany bar. 256 reňkden saýlamak mümkinçiligi bilen atmosfera yşyklandyryşy hem göz öňünde tutuldy. Şeýle-de, model 4.0 wersiýada Toyota Safety Sense kömekçi toplumy bilen üpjün edildi.
Esasy wersiýa 171 at güýjüni berýän 2,0 litrlik atmosfera benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar. Gibrid wersiýalar 152 we 185 at güýjüni berýän 2,0 we 2,5 litrlik hereketlendirijiler bilen hödürlenýär. Iň ýokary wersiýada doly herekete getiriji ulgam elýeterlidir. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......