Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitap sowgat berdi

  • 21.01.2026 10:31
  • 3.8k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine hytaý diline, taryhyna we medeniýetine degişli okuw edebiýatlarynyň 190 nusgasyny gowşurdy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bu toplumyň düzümine dürli derejeli taýýarlygy bolan talyplar üçin niýetlenen okuw kitaplary, sözlükler we tematiki neşirler girýär.
Gowşurlan neşirleriň arasynda Si Szinpiniň hytaý we rus dillerindäki «Döwlet dolandyryşy barada» atly dört jiltlik kitaby, häzirki zaman Hytaýyň syýasy ulgamy baradaky seljerme işleri, şol sanda «Hytaý ulgamy: täze eýýamda Hytaýy dolandyrmak» we «Hytaýyň reformalar eýýamynyň şaýady: 40 adamyň hekaýasy» atly kitaplar bar. Toplumyň ep-esli bölegini maşklar we audio materiallar bilen üpjün edilen, başlangyç, orta we ýokary derejeler üçin niýetlenen «Häzirki zaman hytaý dili» okuw kitaplarynyň toplumlary düzýär.
Kitaphananyň täze goşundylarynyň arasyna halkara HSK synagynyň ähli alty derejesi üçin rus diline terjime edilen ýöriteleşdirilen ýygy-ýygydan ulanylýan sözlükler, «Sinhowa ieroglifler sözlügi», frazeologik we tematiki sözlükler hem girdi. Toplumyň aýry-aýry bölümini Hytaýyň medeni mirasy baradaky neşirler, şol sanda nusgawy ýygyndylar, çeper eserler, hytaý poeziýasy, çaý medeniýeti, geografiýasy we däp-dessurlary baradaky kitaplardan ybarat.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......