2000 ýyllyk hytaý dokma stanogy iň gadymy programmirlenýän enjam diýlip atlandyryldy

  • 03.01.2026 23:09
  • 5.1k+

Hytaý alymlary dünýäde iň gadymy programmirlenýän mehanizmi tapandyklaryny aýtdy. Ol ýaşy, takmynan, 2000 ýyl bolan ýüpek matalar üçin dokma stanogy boldy. Häzire çenli şeýle enjam astronomiýa üçin ulanylan Antikitera mehanizmi hasaplanypdy diýip, South China Morning Post habar berýär.

Dokma stanogy 2012-nji ýylda Çendu şäherinde metro gurluşygy wagtynda tapyldy. Hytaýyň ylym we tehnologiýa assosiasiýasynyň (CAST) maglumatlaryna görä, ol b.e.öň 150-nji ýyl bilen senelenýär. Bellenilişi ýaly, enjam çylşyrymly nagyşly ýüpek matalary döretmek üçin ulanylypdyr we algoritmik logikanyň esasynda işläpdir.
Stanogyň işleýşini häzirki programmirleme bilen deňeşdirip bolýar: bambuk taýaklary we çitimler ulgamy şablon hökmünde çykyş edip, sapaklaryň ýokary galmagyny we aşak düşmegini awtomatizirleýär. Bu ulgamda sapak iki ýagdaýda bolup bilýär, bu hem perfokartlaryň iş logikasyna laýyk gelýär.
HHR-den hünärmenler bu tehnologiýanyň Ýüpek ýolunyň ugry bilen ýaýrandygyny we 12-nji asyra çenli Ýewropa ýetendigini nygtaýar. Bu 1804-nji ýylda awtomatik programmirlenýän stanogy hödürlän Žozef Mari Žakkaryň oýlap tapyşyndan has ir dörändir.
CAST-yň bilermenleriniň gelen netijelerine görä, hytaý mehanizmi grek Antikitera enjamyndan 50 ýyl gadymydyr.
Assosiasiýanyň wekilleri sapak dolandyryş usulynyň algoritmler barada esasy düşünjeleriň emele gelmegine ýardam edendigini belleýär. Bu taryhy tejribe XX asyrda hasaplaýyş tehnikasynyň ösüşine, 1946-njy ýylda umumy maksatly ilkinji elektron kompýuter ENIAC-yň döredilmegine-de gytaklaýyn täsir eden bolmaly. 


11.06.2026 23:52
7.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......