Hytaýyň ilaty bir ýylda 3,39 mln adam azaldy

  • 21.01.2026 10:47
  • 6.5k+

Hytaýyň ilaty 2025-nji ýylda 3,39 mln adam azaldy. Muny HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär.

Statistika görä, bir ýylda ýurtda 7,92 mln adam dünýä indi, ýogalanlaryň sany 11,31 mln adama ýetdi. Ölüm derejesi bir müň ýaşaýjy üçin 8,04 adam, dogluş derejesi bir müň ýaşaýjy üçin 5,63 adam boldy.
Ilatyň tebigy azalmasy bir müň adam üçin 2,41 adama ýetdi.
Ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň ilatynyň umumy sany, takmynan, 1,4 mlrd adam boldy. Takmynan, 716 mln erkek we 688 mln zenan bar.
16 ýaşdan 59 ýaşa çenli işe ukyply ýaşdaky ilatyň paýy 60,6% bolup, bu 851 mln adama deňdir. 60 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany ilatyň 23%-ini ýa-da 323 mln adamy emele getirýär. Olardan 15,9%-i, takmynan, 223 mln – 65 we ondan ýokary ýaşdaky adamlardyr.
Ozal The Financial Times Hytaýyň Bilim ministrligine salgylanyp, dogluş derejesiniň peselmegi sebäpli dört ýylda çagalar bagyna barýanlaryň 25% azalandygyny habar berdi. Bu hem ýurt boýunça onlarça müň çagalar edaralarynyň ýapylmagyna getirdi. Neşir mekdebe çenli bilim ulgamynyň pese gaçmagynyň ykdysadyýet we döwlet syýasaty üçin demografik pese gaçyş bilen baglanyşykly geljekki meseleler barada duýdurýandygyny belledi.
1979-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli Hytaýda «bir maşgala – bir çaga» syýasaty hereket edip, ol düzgün bozmalar üçin berk çäklendirmeleri we jerimeleri göz öňünde tutupdy. 2013-nji ýylda ene-atasynyň, iň bolmanda, biri ýeke-täk çaga bolan maşgalalara ikinji çagany dogurmaga rugsat berildi. Muňa garamazdan, dogluş derejesi peselmegini dowam etdirdi we ilatyň garramagyna hem-de işe ukyply raýatlaryň sanynyň azalmagyna getirdi. 


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....