Kia baha bäsdeşligi sebäpli Hytaýda öz awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatdy

  • 07.01.2026 12:54
  • 6k+

Kia Hytaýda öz awtomobilleriniň bahalaryny arzanladandygyny mälim etdi. Uly arzanladyşlar ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket edýär we kompaniýanyň ýurtda satylýan ähli model hataryna degişlidir.

Şol bir wagtyň özünde, täze bahalar modelleriň ähli wersiýalaryna däl-de, üpjünçilik derejesi ortaça bolan awtomobillere degişlidir.
Täzelenen bahalara görä, Kia Carnival 2026 miniweni 228 müň ýuana (takmynan, 32,7 müň dollar) hödürlenýär. Ozal öňdäki herekete getiriji bilen üpjün edilen başlangyç LX 37 müň dollara durýardy.
Galan modeller üçin bahalar şeýle görnüşde:

  • Kia Seltos 2026 – 84 müň ýuan (takmynan, 12,0 müň dollar)
  • Kia Sportage – 121 müň ýuan (takmynan, 17,3 müň dollar);
  • Kia Stonic 2026 – 56 müň ýuan (takmynan, 8,0 müň dollar);
  • Kia Sonet – 82 müň ýuan (takmynan, 11,8 müň dollar);
  • Kia K5 – 114 müň ýuan (takmynan, 16,3 müň dollar);
  • Kia K3 – 70 müň ýuan (takmynan, 10,0 müň dollar);
  • Kia KX1 – 60 müň ýuan (takmynan, 8,6 müň dollar).

Arzanladylan bahalardan başga-da, modelleriň köpüsi üçin goşmaça bonuslar göz öňünde tutuldy. Olaryň arasynda kredit boýunça göterim goýumlarynyň bir böleginiň kompaniýa tarapyndan tölenmegi, bellibir mukdara niýetlenen ýangyç karty we bäş mugt tehniki hyzmat bar.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....