Hytaýda tozan sorujy öndürýän kompaniýa elektronika sergisinde kuwwatly superkaryny görkezdi

  • 12.01.2026 22:54
  • 5.2k+

Tozan sorujylaryň we beýleki öý tehnikalarynyň öndürijisi hökmünde meşhur bolan Hytaýyň Dreame kompaniýasy, Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sarp ediş elektronikasy sergisinde dört gapyly elektrikli Nebula Next 01 superkarynyň prototipini hödürledi.

CarNewsChina portalynyň habar bermegine görä, awtoulag kuzowynyň burulma garşy ýokary berkligi, uglerod plastiginiň (karbon) giňden ulanylmagy we örän çalt tizlenmegi bilen tapawutlanýar — ol 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,8 sekuntda ýetýär. Bu görkezijiler konsepti dünýäniň iň çalt seriýaly elektrokarlary bilen bäsleşmäge ukyply edýär.
Dreame-iň awtoulaglarynyň ilkinji dizaýn taslamalary (renderleri) Bugatti modellerini ýatladýan bolsa, Nebula Next 01-iň keşbi has çok Ferrari we Lotus-a meňzeşdir. Şeýle-de bolsa, dizaýnda göni göçürmeler ýok. Konseptiň üýtgeşik aýratynlygy — onuň superkarlar arasynda seýrek duş gelýän dört gapyly gurluşydyr. Häzirki wagtda awtoulag diňe prototip görnüşinde bolup, onuň doly bezelen salony (interýeri) entek ýok. Bu bolsa beýleki öndürijileriň meňzeş konsepsiýaly modelleri has ir bazara çykaryp biljekdigini aňladýar. Nebula Next 01-iň seriýaly önümçiligine 2027-nji ýyldan ir başlanmagyna garaşylmaýar.
Nebula-nyň tehniki aýratyznlyklary:

  • Kuwwaty: 1903 at güýjüne deň bolan dört sany elektrik hereketlendirijisi.
  • Sowadyş ulgamy: Her motor aýry-aýry termiki dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilen.
  • Super Boost režimi: Güýç gysga wagtlyk 30% artýar we iň ýokary tizlenmäni üpjün edýär.
  • Kuzowyň berkligi: Burulma garşy berklik 45 000 Nm/grad düzýär (bu görkeziji Porsche Taycan-dan 3 000 Nm/grad ýokarydyr).

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......