Ruldan eliňi aýryp sürmek: Hytaý 3-nji derejeli awtonom ulaglar üçin ýollary açdy

  • 23.12.2025 18:57
  • 5.9k+

Hytaý häkimiýetleri ilkinji gezek umumy ulanylýan ýollarda 3-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamly awtoulaglary ulanmaga rugsat berdiler. Bu ygtyýarnamany Changan konserniniň Deepal SL03 we BAIC kompaniýasynyň Arcfox Alpha S elektromobilleri aldy. Bu taslamanyň birnäçe berk çäklendirmeler bilen işe girizilýändigi bellenilýär.

Awtonomlygyň üçünji derejesi sürüjä ellerini ruldan aýyrmaga we gysga wagtlyk ünsüni ýoldan sowmaga mümkinçilik berýär, ýöne jogapkärçilik öňküsi ýaly sürüjiniň üstünde galýar.
Häzirki tapgyrda ulgam diňe belli bir köçelerde işlär. Deepal SL03 awtopilotyny Changan kompaniýasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Çunsin şäheriniň käbir etraplarynda ulanyp biler. Arcfox Alpha S bolsa şuna meňzeş rugsady Pekinde, BAIC baş edarasynyň golaýynda aldy. Elektronika tarapyndan dolandyrylanda iň ýokary tizlik Deepal üçin 50 km/sag, Arcfox üçin bolsa 80 km/sag bilen çäklendirildi.
Rugsatnamanyň çäklendirilen görnüşde berilmegi, bu ulgamlaryň hakyky şertlerde synag tapgyrynyň dowam edýändigini görkezýär.
Şu wagtyň özünde Huawei hem ýol synaglaryna taýýarlyk görýär. Deslapky maglumatlara görä, synaglar Şençžen şäherinde Aito M9 we Maextro S800 modellerinde geçiriler we olaryň rulunda brendleriň işgärleri bolar. Taslama üçünji derejeli awtonom ulgamlaryň howpsuzlygyny barlamaga gönükdirilendir. Huawei tarapyndan işlenip düzülen şuňa meňzeş ulgam eýýäm Arcfox Alpha S modelinde ulanylýar.


şu gün 09:36
392

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......