Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer

  • 29.12.2025 11:36
  • 5k+

Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär.

Premium segmentine degişli bu täze modelleriň tehniki aýratynlyklary eýýäm mälim edildi. Giperkaryň güýç beriji ulgamy dört sany elektrik hereketlendirijisinden ybarat bolup, awtoulagyň kuwwatynyň onuň agramyna gatnaşygy takmynan 1:1-e deňdir. Ulagyň gurluşy aerokosmos derejesindäki kompozit materiallardan ýasalan berk şassi esasynda döredildi.
Awtomobil jemgyýetçilik ýollarynda we ýörite ýaryş trassalarynda ulanmak üçin adaptiw asma ulgamy, şeýle hem emeli aňa esaslanýan wirtual sürüjilik tälimçisi bilen üpjün edilen.
Tizer suratlaryndan çen tutulsa, ulagyň eksterýeri belent üçek çyzygy, giň teker arkalary, ägirt uly antikrylo (arka ganat) we nal şekilli dekoratiw radiator gözenegi bilen tapawutlanýar.
Sergide görkeziljek ikinji model bolsa bäş gapyly "grand-turer" bolup, ol daşky görnüşi boýunça Porsche Taycan modelini ýatladýar. Kosmera kompaniýasynyň wekilleri bu modelleriň seriýalaýyn önümçilige goýuljakdygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.


22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......

21.05.2026 11:31
6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.5k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......