Täze Toyota RAV4 Hytaýyň bazaryna çykdy: bahasy 21 700 dollardan başlaýar

  • 10.01.2026 10:21
  • 4.8k+

9-njy ýanwarda Hytaýda AX60 kuzowly täze Toyota RAV4 krossoweriniň resmi satuwlary başlandy. Modeliň bahasy 169 800 ýuandan 228 800 ýuana çenli (takmynan 24 300 – 32 800 dollar) aralygynda üýtgeýär.

Emma ilkinji satyn alyjylar üçin ýörite arzanladylan baha — 151 800 ýuandan (takmynan 21 700 dollar) başlaýan nyrhlar hödürlenýär.
Awtomobil öňki platformasyny saklap galsa-da, onuň daşky görnüşi täze Camry we Prius modelleriniň stilinde doly täzeden işlenip düzüldi. Esasy aýratynlygy — öň tarapdaky C-görnüşli faralardyr.
Salonyň içki gurluşy hem ep-esli döwrebaplaşdyryldy:

  • Multimedia: Qualcomm Snapdragon 8155 prosessorynda işleýän, 15,6 dýuýmlyk (2,5K durulygyndaky) ekran.
  • Proýeksiýa: Täze proýeksiýa displeýi (HUD).
  • Bezeg: Ýumşak we ýokary hilli materiallar bilen gowulandyrylan içki bezeg.

Ulagyň tehniki bölekleriniň köpüsi Camry XV80 modelinden alyndy:

  • Esasy wersiýa: 171 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik atmosferaly hereketlendiriji.
  • Gibrid wersiýa: 152 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik gibrid ulgamy. Ýangyç sarp edişi örän tygşytly — 100 km üçin bary-ýogy 4,59 litr.
  • Iň ýokary (Top) wersiýa: 2,5 litrlik hereketlendirijili, 237 at güýjüne eýe bolan we E-Four doly çekiji ulgamy bilen enjamlaşdyrylan öz-özünden zarýad alýan gibrid.

düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......