Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

  • 24.12.2025 14:12
  • 21k+

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär.

ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical Review of World Energy" hasabatynyň geçen ýylky netijelerine esaslanýan infografika, energetikanyň, geosyýasatyň we klimat meselesiniň özara baglanyşygynda haýsy ýurtlaryň bazarda esasy orny eýeleýändigini görkezýär.
ABŞ uly aratapawut bilen birinji orny eýeleýär. 2024-nji ýylda bu ýurt 1,03 trillion kubmetrden gowrak gaz öndürdi. Ösüşi slanes ýataklary we döwrebap tehnologiýalar üpjün etdi. Bu bolsa ABŞ-a, esasan hem Russiýanyň üpjünçiligini çalşyrmak isleýän Ýewropa üçin suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) iň uly eksportçysy hökmündäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi.
Russiýa takmynan 630 milliard kubmetr göwrüm bilen, Ýewropa eksportynyň azalmagyna garamazdan, öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolmagynda galýar. Çeşme Russiýanyň öz üpjünçilik ugruny Aziýa tarap üýtgedýändigini we STG kuwwatlyklaryny giňeldýändigini belleýär.
Eýran we Hytaý degişlilikde takmynan 263 we 248 milliard kubmetr gaz çykarýarlar. Hytaýdaky ösüş ýurduň energetika garaşsyzlygy ugruna eýerýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Ilkinji onluga, şeýle hem Kanada, Katar, Awstraliýa, Saud Arabystany, Norwegiýa we Alžir girýär. Katar we Awstraliýa STG bazarynda esasy orny eýeleýär, Norwegiýa Ýewropa turbalar arkaly gaz ugradýan esasy ýurda öwrüldi, Alžir bolsa kontinentiniň günorta ýurtlary üçin möhümdir.
Energetikanyň geljegi baradaky çekişmeleriň fonunda, gaz öňküsi ýaly senagat we elektroenergetika üçin "geçiş ýangyjy" hökmünde garalýar.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....