2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

  • 27.12.2025 13:07
  • 11k+

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bu üýtgeşik ýerasty hazynasynyň serişde mümkinçiliklerini has-da açmaga we umuman, Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek jemi ýedi tapgyrda meýilleşdirildi. Birinji tapgyr üstünlikli ulanmaga berlip, onuň çäklerinde ýylda jemi 30 milliard kubometr gaz arassalaýan üç sany gaz gaýtadan işleýän zawod guruldy we olar häzirki wagtda netijeli işleýärler.
«Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyry degişli halkara tenderde ýeňiji bolan CNPC kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Senagat taýdan özleşdirmegiň bu tapgyryny durmuşa geçirmek işleri eýýäm geljek ýylyň başynda başlanar we maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, ol dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler.
Bu ägirt uly ýatagyň tapgyrlaýyn üstünlikli özleşdirilmegi Türkmenistana tebigy gazyň hem ýurduň içinde, hem-de halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Hytaý türkmen tebigy gazynyň iň iri eksport edijisi bolmagyna galýar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçiriji ulgamynyň üç şahasy (A, B we C) arkaly ýylda takmynan 40 milliard kubometr «mawy ýangyç» iberilýär.
Dördünji şaha (D liniýasy) ulanmaga berleninden soň, gazyň möçberini ýylda takmynan 65 milliard kubometre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birine iberilýän gazyň durnuklylygyny has-da berkider.
«Galkynyş» käni ýylda 33 milliard kubometr gaz geçirijilik ukyby bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin serişde binýady hökmünde kesgitlenildi.
Ähli tapgyrlar doly özleşdirilen ýagdaýynda, ýatagyň umumy ýyllyk gaz öndürijiligi takmynan 200 milliard kubometre ýetip biler.
«Galkynyş» käni gaz gorlary boýunça dünýäde iň irileriň biridir. Britaniýanyň «Gaffney, Cline & Associates» garaşsyz kompaniýasy bu ýatagyň gorlaryny 27,4 trillion kubometr tebigy gaz möçberinde bahalandyrýar.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...