Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

  • 17.01.2026 16:51
  • 10k+

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi.

Esasy ykdysady görkezijiler:

  • Ýyllyk eksport: 119 million tonna (ösüş 7,5%);
  • Demir magdanynyň importy: 1,26 milliard tonna (ösüş 1,8%).

Dünýäde proteksionizm (içerki bazary goramak) we dempinge garşy salgytlaryň artmagyna garamazdan, hytaý kompaniýalary täze bazarlary, hususan-da, Ýakyn Gündogar ýurtlaryny işjeň özleşdirýärler. Şeýle-de, taýýar önümlere garanyňda has ýumşak gümrük düzgünlerine sezewar edilýän ýarym taýýar önümleriň eksporty ep-esli artdy.
Dekabr aýyndaky böküş, eksportçylaryň Hytaýda täze giriziljek ygtyýarnama (lisenzirleme) ulgamyndan öň ýetişmäge synanyşmaklary bilen düşündirilýär. "SDIC Futures" kompaniýasynyň bilermeni He Szýanhueýiň pikiriçe, täze çäklendirmeler eksporty togtadyp bilmez, sebäbi Hytaýyň içerki bazarynda bahalar pesligine galýar we daşary ýurtly sarp edijiler goşmaça çykdajylary öz üstüne almaga taýýar.
Emma şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň portlarynda demir magdanynyň ätiýaçlyk gorlarynyň toplanmagy, zawodlaryň çig mala bolan hakyky isleginiň import möçberinden yza galyp başlandygyny görkezýär.


25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

16.06.2026 12:54
5.2k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......