BMW Hytaýda awtoulaglaryň bahalaryny arzanlatdy: bir model 43 müň dollar arzanlady

  • 06.01.2026 14:26
  • 8.7k+

BMW China kompaniýasy birnäçe esasy modelleriniň hödürlenýän bölek satuw bahalarynyň (MSRP) düýpli peseldilendigini resmi taýdan yglan etdi. Täzelenen baha sanawy 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Bu üýtgeşme jemi 31 sany esasy modele täsir etdi. Hususan-da, 24 modeliň bahasy 10%-den gowrak, 5 modeliň bahasy bolsa 20%-den gowrak arzanladyldy.
Iň uly arzanlaşyklar:

  • Göterim gatnaşygynda iň uly peseliş BMW iX1 eDrive25L elektrik krossowerinde hasaba alyndy (24%).
  • Pul möçberinde bolsa lýuks klasly BMW i7 M70L modeli rekord goýdy: onuň bahasy 301 000 ýuan (43 000 dollar) aşak düşdi.

Býujet segmentinde hem düýpli üýtgeşmeler bar. Mysal üçin, meşhur BMW 225L M Sport Package sedanynyň bahasy öňki 259 900 ýuandan (37 100 dollar) 208 000 ýuana (29 740 dollar) düşdi. Bu strategiýa brende ýokary bäsdeşlikli bazarda öz premium derejesini saklap, tehnologiýalaryny has elýeterli etmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň resmi düşündirişi: BMW-niň wekilleri bolup geçýän ýagdaýy bäsdeşler bilen "baha söweşi" däl-de, eýsem çuňňur strategik täzeden sazlanyş diýip atlandyrýarlar. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu ädim: "Kompaniýanyň öz önüm strategiýasyny işjeň uýgunlaşdyrmagyny we bazaryň dinamikasyna oňyn jogabyny görkezýän, käbir BMW önümleriniň gymmatlygynyň artdyrylmagydyr".


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......