AUDI E5 Sportback Hytaýda «Ýylyň awtomobili» diýlip ykrar edildi

  • 12.01.2026 16:31
  • 3.1k+

AUDI E5 Sportback elektrik ulagy «Hytaýda ýylyň awtomobili 2026» adyny aldy. Ýeňiji awtomobil KHBS-iniň hünärmenler komissiýasy tarapyndan kesgitlendi.

Audi AG-yň täze golçur markasy bolan AUDI üçin bu hytaý bazarynda şeýle derejeli ilkinji baýrak boldy – brend hytaý bazaryna geçen ýyl çykypdy.
Model AUDI bilen SAIC-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi we 2025-nji ýylyň sentýabrynda resmi taýdan hödürlendi. Yzygiderli önümçilik awgustda Şanhaýdaky zawodda başlady.
Elektromobiliň güýç enjamynyň kuwwaty 579 kWt, CLTC sikli boýunça geçýän menzili 770 km ýetýär.
AUDI E5 Sportback güýç enjamynyň dört görnüşi, şol sanda yzky herekete getiriji we quattro doly herekete getiriji bilen hödürlenýär. Iň kuwwatly wersiýa 100 km/sag çenli tizligini 3,4 sekuntda artdyrýar.
2025-nji ýylyň noýabrynda AUDI Guançžoudaky awtosalonda AUDI E SUV ulagynyň hem konseptini görkezdi. Onuň esasynda 2026-njy ýylda hytaý bazaryna çykaryljak AUDI E7X elektromobili dörediler. 


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......