Hytaýyň robotlary konsertinde deň salto aşyp hemmeleri haýran galdyrdy

  • 26.12.2025 11:55
  • 7.8k+

Hytaýyň "Unitree Robotics" kompaniýasynyň "G1" modelli alty sany adamşekilli (antropomorf) roboty aýdymçy Wan Lihunyň çykyşy wagtynda sinhronlykda (deň) öňe tarap salto aşyp görkezdiler. Gonkongyň "South China Morning Post" (SCMP) gazetiniň ýazmagyna görä, Çendu şäherinde geçen şüweleňde "Open Fire" aýdymy ýerine ýetirilende, robotlar tans toparynyň agzalary hökmünde çykyş etdiler.

Androidler elleriniň we aýaklarynyň çylşyrymly hereketlerini hem-de öwrümleri öz içine alýan doly derejeli horeografiýany görkezdiler. Robotlara kümüşsöw kurtkalar we gara balaklar geýdirildi. Çykyşyň wideoýazgysy sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.
Hatda umman aňyrsyndaky bäsdeşleri - "Tesla" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask hem bu wideony jogapsyz goýup bilmedi we özüniň "X" sahypasynda bu çykyşy "täsirli" diýip atlandyryp, paýlaşdy. Şondan soň bu wideo has-da uly meşhurlyga eýe boldy.
"Unitree Robotics" Hytaý Halk Respublikasynda robototehnika ugrunda öňdebaryjy işläp düzüji hasaplanýar. Şu aýyň içinde gurama android eýelerine özara maglumat alyşmaga we maşynlary okatmagyň täze algoritmlerini paýlaşmaga mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen goşundyny işe girizdi.


11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......