“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

  • 18.01.2026 15:07
  • 4.1k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär.

“Ýönekeý” kompaniýasy saýlamak üçin 200-den gowrak ugurlaryň bardygyny ýatladýar.
Hytaýda okuwlarda hytaý dilinde, käbir uniwersitetlerde bolsa iňlis dilinde okamaga mümkinçiligi bar. Ýyllyk tölegler 16 000 -18 000 müň manatdan başlaýar. Okuwlar dil kursy, bakalawr we magistr görnüşinde alnyp barylýar.
Türkiýede hem okuwlary dil kursy (padkurs) görnüşinde başlap bolýar. Şeýle hem iň elýeterli nyrhlarda bakalawr ugurlaryny saýlap bolýar (17-25 ýaş aralygyndakylar üçin). Stambulyň özünde ýerleşýän abraýly ýokary okuw mekdeplerini saýlap bolýar.
Malaýziýada Kuala-Lumpur şäherinde iňlis dilinde okamak üçin ýokary islegli ugurlar hödürlenýär. Okuwlara I kursdan başlap bolýar.
Ýönekeý” kompaniýasy dalaşgärler üçin şu aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

  • öz islegiňe görä ugur saýlamak;
  • resminamalary resmileşdirmek;
  • wiza almak;
  • 4 ýyllap ýaşaýyş ýeri bilen üpjün etmek;
  • Hytaý üçin CSCA testine kömek etmek;
  • terjime hyzmatlary;

“Ýönekeý” kompaniýasy ähli hyzmatlaryny kepillendirýär. Kompaniýanyň ofisleri Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýär.
«Ýönekeý» bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli uniwersitetler resmi sanawa girýär we olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär.
Talyplar üçin amatly bolar ýaly maşgala agzalaryndan VISA kartyna yzygiderli pul geçirilmegi arkaly maliýe goldawyny almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
Okuwlaryň tölegleri, okuw maksatnamalary hem-de uniwersitetleriň aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary almak üçin hytay.com resmi portalyna girmek maslahat berilýär.


düýn 15:19
3.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
3.9k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.1k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.1k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......