Hytaýda has kämilleşen we köne baha bilen täze Hyundai Santa Fe 2026 çykdy

  • 08.01.2026 14:45
  • 5k+

Hyundai Hytaýda 2026-njy model ýylynyň Santa Fe krossowerini resmi taýdan hödürledi. Awtomobil 195,8 müň ýuandan 268,8 müň ýuana çenli (takmynan, 28,1 müň dollardan 38,5 müň dollara çenli) baha bilen dört wersiýada satuwa çykdy.

Hatardan bahasy 235,8 müň ýuan (takmynan, 33,8 müň dollar) bolan Connoisseur Pro wersiýasy aýryldy. Beýleki görnüşler üçin bolsa bahalar öňküligine galdy.
Esasy üýtgeşmeler sürüji üçin elektron kömek ulgamlary bilen baglanyşyklydyr. Model sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik edýän kamera, ýadawlyga we ünsüň sowulmagyna gözegçilik ediş funksiýasyna, şeýle-de yzky hatarda çaganyň bardygyny kesgitleýän ulgama eýe boldy. Üpjünçilige baglylykda kömekçileriň sazlamalary hem täzelendi.
Krossoweriň daşky görnüşi üýtgemedi. Santa Fe-niň göwrümi 4830×1900×1780 mm, tigir bazasy 2815 mm barabar. Salonda 12,3 dýuýmlyk iki ekran, proeksion displeý, iki simsiz zarýad beriji we UF dezinfeksiýa funksiýasy bilen tirseklik bar. 5, 6 ýa-da 7 orunlyk görnüşler elýeterli.
Awtoulagyň kuwwaty hem üýtgemedi: 248 at güýjüni berýän 2,0 litrlik turbo-hereketlendirijisi oturdyldy. Ol sekiz basgançakly awtomat bilen utgaşykly işleýär.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....