Hytaýyň ýokary okuw mepdepleri Garwardy iň gowy uniwersitetleriň reýtinginde üçünji orna düşürdi

  • 20.01.2026 11:44
  • 4.7k+

Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi.

Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi. Ikinji orunda Szýaotun Şanhaý uniwersiteti ýerleşdi. Üçünji orny Garward uniwersiteti (ABŞ) eýeledi.
Dördünji orundan dokuzynja çenli orunlary hem hytaý uniwersitetleri eýeledi: Syçuan uniwersiteti, Çanşadaky Günorta Hytaýyň merkezi uniwersiteti, Huaçžun ylym we tehnologiýa uniwersiteti, Guançžouda Sun Ýatsen adyndaky Çžunşan uniwersiteti, Siandaky Döwlet uniwersiteti we Sinhua uniwersiteti. 
Onlugy Toronto uniwersiteti (Kanada) jemledi. Garward ilkinji onlukda ýeke-täk amerikan uniwersiteti boldy. Reýtingiň ikinji onlugynda-da Hytaýyň uniwersitetleri agdyklyk edýär.
Bellenilişi ýaly, Garward ornuny ýitirmegini dowam etdirýär: 2024-nji ýylda ol ikinji orny eýeläpdi, bir ýyl ozal bolsa sanawyň başynda ýerleşýärdi.
Reýtingiň resmi saýtynda görkezilişi ýaly, ol ylmy makalalaryň sanyny hasaplamagyň esasynda düzülýär. Bilim pudagynyň hünärmenleri «Hytaýdan gelýän ylmy işleriň sanynyň we hiliniň haýran galdyrýandygyny» belläp, şol bir wagtyň özünde amerikan biliminiň görkezijileriniň pese gaçýandygyna ünsi çekýär.
Bu ýagdaýy ABŞ-nyň Prezident wezipesine Donald Tramp gaýdyp gelenden soň başlanan döwlet maliýeleşdirmesi bilen baglanyşykly meseleler we migrasiýa syýasatynyň ýitileşmegi hem kynlaşdyrýar.


11.06.2026 23:52
7.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

03.06.2026 23:03
7.1k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......