Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi

  • 08.01.2026 21:30
  • 7.3k+

Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar.

1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär. Şol wagt Eýnşteýn bölejigiň haýsy yşdan geçendigini bilmek, şol bir wagtyň özünde-de interferensiýa kartinasyny synlamak mümkin bolar diýen pikir bilen iki yşly tejribäni öňe sürýär. Bor bolsa ýoly bilmek üçin bölejikler bilen özara täsirleşmeli boljakdygyny aýdyp muňa garşy çykýar. Näbellilik ýörelgesine görä, islendik şeýle özara täsirleşme bölejikleriň hereketine tötänleýin üýtgeşme girizýär. Bu üýtgeşme hem tolkun kartinasynyň bozulmagyna getirýär.
Indi alymlar topary Pan Szýanweýiň ýolbaşçylygynda bu pikiri tejribede barlap gördi.
Alymlar «kwant yşgalaňy» hökmünde optiki duzakdaky ýekeje rubidiý atomyny ulandy. Synaglaryň dowamynda bölejikleriň roluny ýerine ýetiren foton sowadylan atom bilen özara täsirleşdi we netijede alymlar fotonyň özüni alyp barşyna syn edip bildi. Ýöne hünärmenler fotonyň takyk ýoluny kesgitlemek üçin islendik şeýle gatyşygyň interferensiýa kartinasyny hökman bozýandygyny anyklady.
Tolkun kartinasynyň bozulmagynyň gyzma ýa-da beýleki päsgelçilikler sebäpli däldigine göz ýetirmek üçin, alymlar hakyky kwant effektlerini adaty fiziki päsgelçiliklerden aýratynlandyrýan Raman spektroskopiýasyny ulandy. Netijeler Boruň bölejikleriň impulsyny ölçemegiň tolkun nagyşlaryny bozýan näbelliligi döredýändigi baradaky delilini tassyklady.
Geljekde fizikler topary kwant bulaşyklygyny gönüden-göni öwrenmegi we «yşyň» massasyny artdyrmak bilen kwant hereketden adaty herekete geçişi yzarlamagy meýilleşdirýär. 


şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......