Hytaýda dünýäde ilkinji alty tonnalyk konwertoplan uçuryldy

  • 31.12.2025 09:05
  • 7.8k+

Hytaýda alty tonnalyk «Lanying R6000» konwertoplanynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy. «Sinhua» habar agentliginiň maglumatyna görä, synag uçuşy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynda geçirildi.

Bu howa gämisi Hytaýyň «United Aircraft» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, onuň hereketlendirijisini bolsa «AERO Engine Corporation» kärhanasy öndürdi. «Lanying R6000» modeliniň peýdaly ýük göterijiligi 2 tonna barabardyr. Onuň iň ýokary kreýser tizligi sagatda 550 km-e ýetýär, bu bolsa dikuçarlaryň görkezijilerinden takmynan iki esse ýokarydyr. Uçaryň uçuş aralygy 4000 km, iş beýikligi bolsa 7620 metre çenli ýetýär. Bu bolsa adaty dikuçarlaryň mümkinçiliklerinden ep-esli ýokarydyr.
«Global Times» gazetiniň ýazmagyna görä, konwertoplan şäherara gatnawlarda, suw üstünden we daglyk ýerlerden amala aşyrylýan uçuşlarda ulanylar. Şeýle-de ol adatdan daşary ýagdaýlarda, ýangyn söndürmekde, lukmançylyk işgärlerini gatnatmakda, polisiýa gözegçiligini ýöretmekde we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmakda ulanmak üçin niýetlenendir.
«Lanying R6000» modeliniň gurluşy dik uçuşdan we gonuşdan ýokary tizlikli gorizontal uçuşa bökdençsiz geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem enjamyň ganatlarynyň we perleriniň eplenip bilinmegi, duralgada onuň tutýan meýdanyny tygşytlamaga kömek edýär.


11.06.2026 23:52
7.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......