1k+

Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy. Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär...

2.6k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär...

4.2k+

BAE dünýäde ilkinji bolup kanunlary ýazmakda emeli aň ulanar

Birleşen Arap Emirlikleri täze kanunlary ýazmakda, olara seretmekde we üýtgeşmeleri girizmekde emeli aňy ulanjak ilkinji ýurt bolar. Bu barada Financial Times gazeti habar berýär. Neşir BAE-niň milliardlarça dollar maýa goýan bu başlangyjyny “tehnologiýany peýdalanmak üçin düýpli synanyşyk” diýip atlandyrýar...

7.7k+

Dünýäde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji atom elektrik stansiýasy peýda boldy

Kaliforniýada (ABŞ) işläp duran ýeke-täk atom elektrik stansiýasy bolan Diablo Canyon-yň işgärleri tehnologik resminamalary dolandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanyp başladylar. Bu çözgüt stansiýanyň 2029-njy ýylda işden çykarylmagyna taýýarlyk görülýän döwri kabul edildi diýip, «Gizmodo» habar berýär...

1.5k+

Ýewrokomissiýa onlaýn ýygnaklarda EA kömekçilerini ulanmagy gadagan etdi

Ýewrokomissiýa (ÝK) onlaýn ýygnaklarda emeli aňa esaslanýan wirtual kömekçileriň ulanylmagyny gadagan etdi. Bu barada Politico gazeti habar berýär. Bu çözgüt telekeçileriň we sarp edijileriň arasynda şeýle tehnologiýalaryň giňden ýaýraýandygy üçin sorag döredýär...

2.8k+

Mercedes ChatGPT-niň sesi bilen gürlär we ýoly ýokardan görkezip biler

Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen Offroad Track funksiýasy bar...

2k+

Örän akylly Siri garaşylandan öň çykar

Apple kompaniýasy ozal Siri üçin iň uly täzelenmäni indiki ýyl çykarjakdygyny aýdypdy. Emma indi bolsa şol täzelenmäniň şu ýylyň dowamynda çykjakdygy mälim edildi. Bu barada «The New York Times» neşiri habar berýär...

11k+

ChatGPT indi ýazgy esasynda suratlary mugt döredýär

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman golaýda hödürlenen ChatGPT-niň surat generatorynyň (ýazgy esasynda surat döredýän emeli aň guraly) indi hemmeler üçin mugt elýeterlidigini habar berdi. Öň bu mümkinçilik diňe hyzmatyň...

10k+

Bill Geýts geljekde emeli aňyň oňarmajak üç kärini aýtdy

Bill Geýts wagtyň geçmegi bilen emeli aň önümçilikden başlap, täze tehnologiýalary döretmäge çenli köp sanly kärlerden adamlary gysyp çykarar diýip hasaplaýar. Ýöne üç pudak barybir adama bagly bolup galar diýip...