Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi

  • 27.06.2025 17:11
  • 2.6k+

Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

Bir topar ýazyjy kazyýete arza bilen ýüz tutup, kompaniýanyň awtorlyk hukuklaryny bozýandygyny we bu ýagdaýyň bazara oňaýsyz täsir edýändigini öňe sürdi. Emma kazy olaryň hödürlän subutnamalaryny ýeterlik däl diýip hasaplap, şikaýaty ret etdi.
Şol bir wagtyň özünde, kazy Wins Çhabriýa tekstleriň esasynda emeli aňy türgenleşdirmegiň «köp halatlarda» awtorlyk hukuklaryny bozýandygyny we «umuman alanyňda-da, awtorlyk hukugy bilen goralýan eserleri rugsatsyz göçürmegiň bikanundygyny» belläp geçdi.

«Bu karar Meta kompaniýasynyň dil modellerini türgenleşdirmek üçin, awtorlyk hukugy bilen goralýan materiallardan peýdalanmagynyň kanunydygy baradaky çaklamany tassyklamaýar» — diýip, ol aýtdy. Kazynyň pikiriçe, şikaýatçylar ýerlikli delil hödürläp bilmediler.

Şeýle-de ol beýleki ýazyjylaryň hem özbaşdak kazyýete ýüz tutup biljekdigini we bu çözgüdiň netijeleriniň diňe şu işe degişli ýagdaýlar bilen çäklenýändigini belläp geçdi.
Ýeri gelende aýtsak, şu hepdäniň başynda ýene bir amerikan kazyýeti şuňa meňzeş şikaýat bilen baglanyşykly emeli aň tehnologiýalaryny işläp düzýän Anthropic kompaniýasyna garşy işe seredip, kompaniýanyň awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri ulanmagyny «oňyn niýetli» diýip ykrar edipdi.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......