Adobe kompaniýasy Firefly-yň ähli emeli aň gurallary bilen ykjam goşundysyny çykardy

  • 19.06.2025 11:07
  • 1.3k+

Generatiw emeli aň hyzmatlarynyň platformasy bolan Adobe Firefly indi Android we iOS smartfonlarynda elýeterli boldy. Täze ykjam goşundy tekst beýany boýunça surat we wideo döretmäge, şeýle-de suraty redaktirlemek üçin EA gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar.

Firefly programmasy tekstden surat we wideo döretmek üçin Adobe-yň öz tehnologiýalaryny hem-de öň Photoshop-da elýeterli bolan Generative Fill we Generative Expand funksiýalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, ulanyjylar beýleki kompaniýalaryň EA modellerini ulanyp bilýär: surat döretmek üçin Google-dan Imagen 3 we Imagen 4, wideo üçin – Veo 2 we Veo 3, OpenAi-den hem surat dörediji.
Programmada döredilen kontent Creative Cloud-da awtomatik saklanyp galýar. Bu hem mundan beýläkki redaktirleme işlerini aňsatlaşdyrýar. Web-wersiýada bolşy ýaly, käbir EA funksiýalary bilen işlemek üçin Firefly kreditleri gerek. Olary aýlyk täzelenmeleriň çäginde ýa-da Creative Cloud-a tölegi ýazylyşykda alyp bolar.
Ykjam goşundydan başga-da, kompaniýa Firefly Boards platformasynyň beta-wersiýasynda wideo döretmek funksiýasyny giňeltdi. Indi ulanyjylar ýüklenen wideolary birleşdirip, Firefly-yň we üçünji tarap modelleriň kömegi bilen täze kadrlary döredip biler.
Ýakyn wagtda kompaniýa Firefly-yň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin beýleki kompaniýalardan ýene täze EA gurallaryny goşmagy meýilleşdirýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......