Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?

  • 06.06.2025 08:46
  • 3.1k+

Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar.

«Legoland» seýilgähinde «Vision AI» ulgamy ulanylýar: kameralar häzirki wagtda attraksionlardaky adamlary yzarlaýar we myhmanlaryň akymlaryny dogry ugra gönükdirmäge kömek edýär. Bu bolsa adam toplanmasyny azaldyp, seýilgähdäki hereketi tizleşdirýär.
«SeaWorld» seýilgähinde bolsa «Expedition Odyssey» atly täsirli attraksion işe girizildi – bu Arktikanyň hakyky düşürilen şekillerini görkezýän uçuş teatrydyr. Aýlanýan diň arkaly bir topar myhman şouwy synlaýan wagty, beýleki topar eýýäm ýerlerini eýeleýär, bu hem wagty tygşytlamaga kömek edýär.


Ýene bir mysal – «Legoland» seýilgähindäki «Ferrari Build & Race». Myhmanlar bu ýerde wirtual awtoulaglary döredýärler we olary goşmaça hakykat elementleri bilen baýlaşdyrylan sanly ýolda synag edýärler.
«Disney» bolsa bu ugurda «Nvidia» we «Google DeepMind» bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olar «Newton» atly fiziki hereketlendirijini işläp düzýärler. Bu hereketlendiriji robotlaryň hereket edip, myhmanlar bilen täsirleşmegine mümkinçilik berýär. «Disney» ozal hem emosional ýüz keşpli we jogap bermäge ukyply hakyky görnüşli «BDX» droidini görkezipdi.
Mundan başga-da, emeli aň howpsuzlygy ýokarlandyrmaga hem kömek edýär – ulgamlaryň üsti bilen şübheli hereketleri tanap ýa-da ýitirim bolan çagalary tiz tapyp bolýar.
Şeýle attraksionlara çagalar bilen gitmezden ozal, myhmanlara seýilgähleriň ykjam goşundylaryny öňünden ýükläp, «wirtual nobatlara» ýazylmak, şeýle-de işjeň möwsümlerden daşary seneleri saýlamak maslahat berilýär.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......