Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady

  • 31.05.2025 11:08
  • 3.1k+

Audi emeli aňy önümçilik we logistika işlerine işjeň ornaşdyryp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa awtomobil ýygnamak işini tizleşdirmäge, hili ýokarlandyrmaga we wagty tygşytlamaga gönükdirilen 100-den gowrak taslamany durmuşa geçirýär.

Audi-niň ýolbaşçylarynyň biri Gert Wokeriň aýtmagyna görä, EA has netijeli önümçilik gurşawyny döretmekde esasy gurala öwrüldi.
Taslamalaryň biri – Tender Toucan – tender wagty arzalary çalt gaýtadan işlemäge kömek edip, wagty 30% azaldýar. Şeýle-de, IRIS we WSD algoritmleri ulanylýar. IRIS ulgamy awtomobillerde tehniki maglumatlaryň dogry ýazylandygyny barlaýar, bu hem zawodda wagty tygşytlap, ýalňyşlyklaryň sanyny azaldýar. WSD algoritmi kebşirleme hilini barlap, kemçilikleri ýüze çykarmaga we olary düzetmäge kömek edýär. Bu diňe bir önümiň hilini ýokarlandyrman, eýsem önümçilikde howpsuzlygy üpjün edýär.
Audi emeli aňyň öz kärhanalarynda ulanylyş gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa Germaniýadaky Innovation Park Artificial Intelligence (IPAI) bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk awtoulag senagatynda täze EA çözgütlerini ösdürmäge we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Kompaniýanyň aýtmagyna görä, şeýle başlangyçlar önümçiligi has durnukly, tehnologiki taýdan ösen we bäsdeşlige ukyply etmäge mümkinçilik berýär. Audi diňe bir döwrebap awtomobilleri döretmäge däl, eýsem olaryň önümçiliginde öňdebaryjy usullary ulanmaga çalyşýar.


01.04.2026 16:47
3.4k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

25.03.2026 14:51
5.9k+

Awtoulag senagaty üzül-kesil üýtgeýär: awtoulaglary diňe maşynlar ýygnar

Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi...

13.03.2026 17:49
8.1k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...

20.02.2026 09:18
4.2k+

TikTok-a eýelik edýän kompaniýa 14 milliard parametrli we rekord tizlikli BitDance surat döredijisini tanyşdyrdy

TikTok sosial ulgamynyň eýesi ByteDance suratlary döretmek üçin niýetlenen täze BitDance modelini hödürledi. 14 milliard parametrli bu model ähli ulanyjylar üçin açyk formatda ýaýradyldy. BitDance öndürijilik we ýokary hilli surat döretmek boýunça birnäçe meşhur bäsdeşlerinden, şol sanda Z-Image-Turbo, Z-Image, Seedream 3...