Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

  • 09.05.2026 13:31
  • 2.2k+

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy.

Modelde däp bolan dört halkaly logotip ýok - ol täze AUDI elektrik awtoulagynyň sub-brendiniň ikinji modeli bolup , ony nemes Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda hytaý bazary üçin ýörite döretdi.

Täze model 3,97 sekuntda sagatda 100 km tizlige ýetip bilýär we bir gezek berlen zarýad bilen 751 kilometre çenli ýol geçýär.

Elektrik ulagynyň saldamly  ölçegleri (5049 x 1997 x 1710 mm) we 3060 mm teker binýady bar. Ölçegine garamazdan, salon dört ýa-da bäş ýolagçy üçin niýetlenendir. Krossower daşyndan animasiýa şekillerini çykaryp bilýän 1500 LED faralary we diametri 22 dýuýma çenli bolan tekerleri bilen tapawutlanýar. Tehniki baza 900 woltlyk arhitektura we standart hökmünde 80 mm ýer aralygy sazlanyp bilýän howa asma ulgamy bar.

Esasy wersiýa yzky tekerleri hereketlendiriji we 408 at güýjüne eýe bolan motor bilen üpjün edilen bolsa, iň ýokary wersiýada 680 at güýjüne we 800 Nm çekijilige eýe bolan iki motorly hereketlendiriji bar.

Ähli modifikasiýalarda CATL-iň 109 kWt/sag sygymly batareýasy ulanýar.

Dolandyryş ulgamynyň Momenta startapynyň lidar datçigi we programma üpjünçiligi, Brembo tormozlary we doly dolandyrylýan şassi bilen üsti ýetirilýär.

Salondaky öň panelde 59 dýuýmlyk panorama ekrany we potolokda goşmaça 21,4 dýuýmlyk monitor bar.

Ýolagçylaryň rahatlygy üçin awtoulagda "grawitasiýasyz" režimli oturgyçlar, kellegoýarlara ornaşdyrylan Bose akustika ulgamy we mobil programma arkaly uzakdan dolandyrylýan termoboks bar. Modeliň bahalary baradaky maglumat soňrak yglan ediler.


04.05.2026 11:07
1.6k+

BMW Pekinde giňeldilen i3 we iX3 awtoulaglaryny görkezdi

BMW Pekin awtoulag sergisinde Hytaý bazary üçin ýörite döredilen i3 we iX3 elektrik awtoulaglarynyň görnüşlerini görkezdi. Esasy aýratynlyk, Ýewropa elektrik awtoulaglaryna garanyňda, ulaldylan tigir bazasydyr......

30.04.2026 13:01
5.3k+

Lexus Pekinde üç modelini — LC500h, GX Black Edition we premium LX-i görkezdi

Lexus Pekin awtosalonynda brendiň ösüşiniň dürli ugurlaryny görkezýän birbada birnäçe modeli tanyşdyrdy. Täze ulaglaryň arasynda LC500h kupesi, ýolsuz ýerden ýöreýän GX ulagynyň Black Edition wersiýasy we......

29.04.2026 16:04
9.6k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....

29.04.2026 11:53
4k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......