Lexus Pekinde üç modelini — LC500h, GX Black Edition we premium LX-i görkezdi

  • 30.04.2026 13:01
  • 5.4k+

Lexus Pekin awtosalonynda brendiň ösüşiniň dürli ugurlaryny görkezýän birbada birnäçe modeli tanyşdyrdy. Täze ulaglaryň arasynda LC500h kupesi, ýolsuz ýerden ýöreýän GX ulagynyň Black Edition wersiýasy we täzelenen LX bar.

LC500h — bu 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisine we takmynan, 359 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijisine esaslanýan gibrid ulgamly flagman kupedir. Awtomobil 100 km/s tizlige, takmynan, 5 sekuntda ýetýär. Bu model dinamikany we tygşytlylygy özünde jemläp, brendiň abraýly önümi bolmagynda galýar.

Täze GX modeli Toyota Land Cruiser 300 bilen meňzeş bolan TNGA-F ramaly platformasynyň esasynda ýasaldy. Ol dürli wersiýalarda, takmynan, 349 at güýjüni berýän 3,4 litrlik turbo V6 hereketlendirijisi ýa-da başga güýç enjamlary bilen üpjün edilýär.

GX-iň Black Edition wersiýasy hem bar. Adyndan belli bolşy ýaly, ol garaldylan bezeglere we täze tigir disklerine eýe boldy. Doly täzelenen platformasy we global bazaryň üns merkezine gaýdyp gelmegi netijsinde GX modeline bolan gyzyklanma örän ýokary boldy.

Täzelenen LX ramaly gurluşyny saklap galdy we has döwrebap daşky görnüşe eýe boldy. Awtomobil özüniň uly radiator gözenegi, inçe yşyk diodly optikasy we goýy reňkli bezegi bilen tapawutlanýar. Salonda rahatlyga we amatlylyga aýratyn üns berildi, onda oturgyçlaryň üçünji hatary we giň bagaž bölümi göz öňünde tutuldy.

GX modeli islegiň artýan ýerleri bolan ABŞ we Hytaý bazarlaryna gönükdirilendir. LC500h tehnologik we dizaýn taýdan flagman wezipesini ýerine ýetirýär, LX bolsa doly ölçegli premium SUV segmentindäki ornuny saklaýar.


düýn 15:11
2.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.5k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......