Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

  • 29.04.2026 16:04
  • 9.6k+

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy.

Awtomobil özüne mahsus bolan keşbi saklap galdy, ýöne has täsirli dizaýna eýe boldy: täzelenen optika, kiçijik spoýler peýda boldy, korpusyň çyzyklary hem üýtgedildi. Gapdal tarapyndan gara bezeg çyzygy, gizlin gapy tutarlary we täze tigir diskleri goşuldy.

Modeliň ölçegleri ulaldyldy: uzynlygy 165 mm (5140 mm-e çenli), tigir bazasy bolsa 80 mm (2950 mm-e çenli) artdy. Yzky tarapynda kuzowyň bütin ini boýunça uzaýan yşyk zolagy we ulag belgisiniň täze çarçuwasy ýerleşdirildi.

Salonda «wagtyň özi kaşaňlyk» (time as luxury) konsepsiýasy ulanyldy. Bezegde ýiti reňkler agdyklyk edýär, içinde iki sany ekran oturdyldy — esasy multimedia displeýi we ýolagçy üçin aýratyn ekran. Dolandyryş esasan sensor arkaly amala aşyrylýar, fiziki düwmeleriň sany bolsa azaldyldy. Şeýle hem bambuk ysyny berýän ýörite aromatizasiýa ulgamy goşuldy.

Üpjünçilikde oturgyçlaryň ýatda saklaýyş ulgamy, gyzdyrylmagy we ýelejiredilmegi, HUD proýeksiýa ekrany, «Mark Levinson» audioulgamy we L2 derejeli sürüş kömekçileri bar.

Model ES 300h gibrid wersiýasynda hödürlenýär: 2,0 litrlik içinden otlanýan hereketlendiriji (112 kWt) + elektromotor (83 kWt), umumy kuwwaty 145 kWt, E-CVT wariatory.

Mundan başga-da, täze GA-K platformasynda ýasalan we uly göwrümli batareýa bilen enjamlaşdyrylan doly elektrik wersiýalar hem bar: ES 350e we ES 500e.


19.05.2026 21:18
5.4k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

15.05.2026 11:08
3.1k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

13.05.2026 23:03
1.9k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

11.05.2026 18:31
5.2k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....