Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

  • 27.04.2026 01:41
  • 5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi.

Sylag üç kategoriýada gowşurylýar: konsept-karlar, önümçilik awtoulaglary we brendiň firma stili.

Konsept-karlar

Audi topary baş dizaýner Massimo Fraskelliniň ýolbaşçylygynda döredilen Concept C rodsteri taslamasy bilen ýeňiş gazandy. Model brendiň geljekki dizaýny üçin ugur kesgitleýär.

Ikinji orny Genesis Magma GT eýeledi.

Citroën ELO üçünji orna mynasyp boldy.

Önümçilik awtoulaglary

Renault Twingo E-Tech Electric iň gowy elektrik ulagy diýlip yglan edildi. Onuň retro dizaýny modeliniň birinji nesline gaýdyp gelýär.

Ikinji orny BMW iX3, üçünji orny bolsa Ferrari 849 Testarossa eýeledi.

Brendiň firma stili

Jeep bu kategoriýada brendiň ähli modellerinde yzygiderli we tanalýan dizaýny üçin ýeňiji boldy.

Genesis ikinji orny eýeledi, üçünji orny bolsa BMW bilen Dacia öz aralarynda  paýlaşdylar.

1984-nji ýylda esaslandyrylan Car Design Award baýragy awtoulag dizaýnynda iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Ol pudakdaky pikirleri, innowasiýalary we dizaýn çemeleşmeleriniň ösüşini ykrar edýär.

Emin agzalarynyň başlygy Silwiýa Baruffaldiniň sözlerine görä, bu baýrak häzirki zaman awtoulag dizaýnyndaky üýtgeşmeleri görkezýär we pudagyň ösüşinde täze ugurlary bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.


düýn 15:11
2.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.5k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......