Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

  • 20.06.2025 17:35
  • 3.2k+

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi.

Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder.
Agentligiň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, işden çykarmak barada maliýe ýyly tamamlanandan soň, iýul aýynyň başynda yglan ediler. Şol bir wagtyň özünde, diňe bir satuw däl-de, beýleki bölümlerden hem işgärler işden çykarylyp bilner.
Maý aýynda kompaniýa 6000-den gowrak işgärini işden aýyrdy. Olar müşderiler bilen işlemek boýunça bölümçelere, şol sanda satuw we marketing bölümlerine degişlidi. Mundan öň aprel aýynda Microsoft işgärlere kiçi we orta kärhanalar üçin programma üpjünçiliginiň satuwynyň esasy bölegini başga potratçylara geçirmek meýilnamalary barada duýdurdy. 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, kompaniýada 228 müň adam işleýärdi, şolardan 45 müňüsi – satuw we marketing bölümlerinde.
Ýolbaşçylyk serwerlere we maglumat merkezlerine uly maýa goýumlar sebäpli, maýadarlara we işgärlere käbir ugurlarda çykdajylary tygşytlamagyň zerurdygy barada aýtdy.
Öz gezeginde Amazon-yň baş direktory Endi Jassi işgärlere EA bilen dostlaşmaga taýýar adamlaryň iş orunlaryny saklamak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.
2022-nji ýyldan bäri Amazon 27 müňden gowrak işgärini azaltdy. Esasy işgär ýitgileri gurluşlary öndürmek, hyzmat hödürlemek we kitap boýunça bölümçelere täsir etdi. Amazon EA-nyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan 1000-den gowrak hyzmaty we programmalary işläp taýýarlaýar ýa-da eýýäm işe girizdi, ýöne munuň geljekde durmuşa geçiriljek işleriň diňe ujypsyz bölegidigi aýdylýar.


03.03.2026 13:28
647

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

28.02.2026 15:20
1.1k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

22.02.2026 17:17
2.4k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...