Toyota robotlar we EA bolan dünýäde ilkinji synag şäherini açmaga taýýarlanýar

  • 15.06.2025 12:42
  • 6.3k+

Toyota kompaniýasy özboluşly  taslamany – Woven City atly dünýäde ilkinji akylly şäheri işe girizmäge taýýarlanýar. Onuň açylyşy şu ýylyň güýzüne meýilleşdirildi diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Şäher Tokiodan 140 km uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär. Şäheriň meýdany 175 akra barabar.
Woven City geljegiň tehnologiýalaryny barlamak üçin synag meýdançasy bolar. Onda robotlar, awtonom ulaglar we emeli aň bir bitewi ulgam ýaly bilelikde hereket edip, gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüler.
Şäheriň ilkinji ýaşaýjylary Toyota-nyň 100-e golaý işgäri we olaryň maşgalalary bolar. Ýakyn ýyllarda olaryň sany 360 adama, soňra 2000-e ýeter.
Şäheriň ulag ulgamy Olimpiada-2020 üçin döredilen e-Palette sürüjisiz elektromobillerine esaslanýar. Ýollar üç kategoriýa bölündi: pyýadalar, welosipedçiler we robotaksiler üçin.
Ähli binalar datçikler bilen enjamlaşdyrylar. Elektrik energiýasy bilen wodorod enjamlary we Gün panelleri üpjün eder. Şäherde suwy we galyndylary gaýtadan işlemek tehnologiýalary ornaşdyrylar. Kömekçi robotlar hojalyk ýumuşlaryny ýerine ýetirer, emeli aň bolsa ýaşaýjylaryň saglygyna gözegçilik eder, energiýa sarp edilişini dolandyrar we ýerasty tunneller arkaly ýükleri eltip berer.
Şäheriň ähli elementleri bir umumy ulgama birikdirilen bolup, bu maglumatlary ýygnamaga, intellektual tehnologiýalary hakyky durmuşda synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

“Biz tehnologiýalaryň ýaşaýşy has rahat we ekologiýa taýdan arassa edýän şäherini döredýäris. Woven City bütin dünýäde megapolisleriň keşbini üýtgedip biljek innowasiýalar üçin synag meýdançasy bolar” – diýip, Toyota-nyň başlygy Akio Toýoda belledi.

Häzirlikçe şäher syýahatçylar üçin ýapyk. Kompaniýa ony myhmanlar üçin 2026-njy ýylda açmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......