Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi

  • 01.07.2025 19:01
  • 5.3k+

Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi. Bu barada New York Post neşiri ýazýar.

Finalda saýlama tapgyryndan geçen dört hytaý topary oýnady. Ýaryşyň guramaçysy Dou Sziniň habar berşi ýaly, bu ýaryş Hytaýda robotlaryň arasynda 3-e 3 formatda geçirilen ilkinji oýun we şol bir wagtyň özünde 2025-nji ýylyň 15 – 17-nji awgustynda geçiriljek gumanoid robotlaryň Bütindünýä oýunlaryna taýýarlyk boldy.

Oýun bäş minutlyk arakesme bilen her biri 10 minut dowam eden iki ýarymdan ybarat boldy. Käbir tagaşyksyz hereketlere garamazdan, robotlar awtonomlygyň ýokary derejesini görkezdi. Olaryň her biri topy tanamaga we meýdançada ugry kesgitlemäge kömek edýän kameralar we datçikler bilen enjamlaşdyryldy. Ýalňyşlyklardan gaça durmak we topuň ak reňkini anyk kesgitlemek üçin, işläp düzüjiler robotlaryň, eminleriň we işgärleriň esbaplaryndan ak reňki aýyrdy.
Booster Robotics kompaniýasyny esaslandyryjy Çen Haonyň aýtmagyna görä, 20 metre çenli aralykda topy tanamagyň takyklygy 90%-den geçýär. Robotlar topuň, derwezäniň we ýoldaşlaryň ýerleşýän ýerini seljerip, maşyn biliminiň algoritmleriniň kömegi bilen topy geçirmelidigini ýa-da derwezä depmelidigini kesgitleýär.


11.06.2026 23:52
7.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......