Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

  • 03.07.2025 14:58
  • 2.6k+

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder. Bu barada Sukerbergiň içerki resminamasynda aýdylýar. Resminama bilen CNBC teleýaýlymy tanyş boldy.

Täze bölümçe esasy EA modelleriniň, şol sanda Llama açyk platformasynyň, Meta-nyň korporatiw önümleriniň we Fundamental AI Research-yň (FAIR) gözlegleriniň üstünde işlär.
Meta OpenAI we Google bilen bäsleşmek üçin EA ugruny işjeň ösdürýär. Iýun aýynda kompaniýa Wany we onuň toparyny işe alyp, Scale AI kompaniýasyna 14,3 mlrd dollar maýa goýdy. Şeýle-de, taslama Fridman we onuň ýoldaşy Daniel Gross goşuldy. Ol öň Safe Superintelligence startapyna ýolbaşçylyk edipdi. Meta bu startapy satyn almak isledi, ýöne onuň teklibi ret edildi.
Sukerberg kompaniýanyň “adamzat üçin täze eýýamy” açjak super aňy işläp taýýarlamakda öňdebaryjy bolmaga ymtylýandygyny aýtdy. MSL toparyna GPT-4o, Gemini çat-botlaryny we beýleki ösen EA tehnologiýalaryny işläp düzüjiler girdi.
Meta eýýäm 1 milliarddan gowrak ulanyjynyň ulanýan Llama 4.1 we 4.2 modellerini ösdürmegi dowam etdirer. Munuň bilen birlikde topar täze EA nesliniň üstünde işläp başlar.
Ozal Sem Altman Meta-nyň OpenAI-iň işgärlerini 100 mln dollara çenli bonus bilen özüne çekmek synanyşyklary barada aýdypdy. Muňa jogap hökmünde Meta-nyň tehniki müdiri Endrýu Boswort “bu ýerde zehinler üçin bahany, hakykatdanam, üýtgeşik we görlüp-eşidilmedik bazaryň kesgitleýändigini” belledi.


25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....