Oýnawaçlar “akyllanar”: “Barbi” gurjagyny döredijiler OpenAI bilen hyzmatdaşlyga başlady

  • 17.06.2025 10:43
  • 2.3k+

Mattel kompaniýasy OpenAI bilen hyzmatdaşlyk barada habar berdi. Metbugat relizine görä, “Barbi” gurjaklaryny we beýleki meşhur oýunjaklary öndürýän kompaniýa ChatGPT dil modelini işläp düzüjiler bilen bilelikde dünýädäki çagalar  we maşgalalar üçin akylly hem interaktiw güýmenjeleri döretmek bilen meşgullanar.

“Biziň her bir önümimiz muşdaklary ruhlandyrmaga, auditoriýany gyzyklandyrmaga we oýun arkaly durmuşy baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. EA bolsa bu missiýany giňeltmäge we täze hem gyzykly usullar bilen biziň brendlerimiziň ýaýrawyny artdyrmaga ukyply” – diýip, Mattel-iň françaýzing müdiri Joş Silwerman belledi.

Şeýlelikde, emeli aňy ulanmak bilen Mattel-iň eýýäm bar bolan brendleriniň esasynda birnäçe önümi döretmek meýilleşdirilýär. Kompaniýa ulanyjylaryň howpsuzlygynyň, gizlinliginiň we ýaşa laýyklygyň ileri tutuljakdygyny belleýär.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli peýda bolmagyna garaşylýan ilkinji akylly oýnawaçlar barada giňişleýin maglumat häzirlikçe ýok.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......