Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

  • 04.07.2025 11:51
  • 1.9k+

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir.

Gysgaltmalar dürli bölümlere, şol sanda oýun bölümine, dürli derejedäki we dürli sebitlerden bolan işgärlere täsir eder.

"Kompaniýany we onuň toparyny yzygiderli ösýän bazarda oňat orunlarda saklap galmak we üstünlikli hereket etmek üçin zerur guramaçylyk üýtgeşmelerini durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris" - diýip, Microsoft-yň wekili Bloomberg-e habar berdi.

2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa 6000 töweregi adamy, esasanam inženerleri işden aýyrdy. Geçen ýylyň iýun aýynyň ahyryndaky ýagdaý boýunça Microsoft-da 228 müň töweregi adam işleýärdi, şolaryň 45 müňi satuw we marketing bölümlerinde işleýärdi. Adatça üýtgedip gurmak, Microsoft üçin iýun aýynda gutarýan maliýe ýylynyň ahyrynda amala aşyrylýar.
Bloomberg Intelligence-iň seljerijisi Anuraga Rananyň pikirine görä, bu işden çykarmalar AI infrastrukturasyny ösdürmek, dil modellerini öwretmek we maglumat merkezlerini gurmak ýaly çykdajylaryň öwezini dolmaga kömek eder. Şeýle hem, çäreler kompaniýanyň öz AI gurallaryny ulanmaklyga geçýändigini görkezýär.
Üýtgedip gurmagyň çäginde Microsoft-yň global satuwlar boýunça müdiri Jadson Olthoff iýul aýynda iki aýlyk dynç alşa gider. Ol işine sentýabr aýynda çykmaly. Kompaniýa rugsadyň öňünden meýilleşdirilendigini aýtdy.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......