Melaniýa Tramp EA-nyň kömegi bilen ses berlen audio kitabyny çykardy

  • 05.07.2025 06:25
  • 2.7k+

Melaniýa Tramp neýroulgam arkaly ses berlen “Melaniýa” ýatlamalarynyň audio görnüşini çykardy. Emeli aň onuň öz sesini, intonasiýasyny we äheňini gaýtalady diýip, Futurism neşiri ýazýar.

ABŞ-nyň Birinji hanymynyň sesiniň sanly nusgasyny döretmek boýunça iş ElevenLabs amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Ses ýazgysy tas ýedi sagat dowam edýär.
“Melaniýa” kitaby şahsy wakalary, suratlary we ýatlamalary özünde jemleýär. Onda awtor Donald Tramp bilen duşuşygy, Ak tamdaky durmuş we Ýugoslawiýadaky çagalygy barada gürrüň berýär. Şeýle-de, ol kitapda Pensilwaniýanyň Batler şäherinde öz janyna kast edilmegi barada agzap geçýär.
Melaniýa şahsy maglumatlary bilen seýrek paýlaşýar. Şol sebäpli neşir ol barada köp zat bilmek üçin gowy mümkinçilikdir.
Melaniýanyň sesiniň nusgasyny döretmek üçin algoritm onuň gürleýiş aýratynlygyny, şol sanda intonasiýa säginmelerini seljerdi. ElevenLabs-yň inženerleri hakykata ýakyn netijäni gazanmak üçin ses emosionallygyny, depginini we arassalygyny el bilen sazlady. Sintezator kitaby seslendirip, awtor gatnaşmazdan janly okaýyş effektini döretdi.
Ozal Melaniýanyň özi dipfeýkler we generatiw kontentler bilen bagly tehnologiýalary tankytlap, olaryň ýaşlaryň hakykaty kabul etmegine täsirini ýetirýändigini belledi.
Melaniýa Tramp 26 ýaşynda ABŞ-a gelen sloweniýaly emigrantdyr. Ol 1970-nji ýylyň 26-njy aprelinde Nowo Mesto (öňki Ýugoslawiýa, häzirki Sloweniýa) şäherinde doguldy. Onuň gyz familiýasy Knaws. Ol çagalyk ýyllaryny Sewnisa şäherinde geçirdi. Amerikan raýatlygyny 2006-njy ýylda aldy.


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......