Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

  • 04.07.2025 18:42
  • 1.7k+

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär.

Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär. Şeýle wideolarda, ulgamyň baha bermegine görä, tomaşaçynyň halaýan aktýory, belli bir žanrdan bölekler ýa-da gülkünç pursatlar ýaly tomaşaçylary gyzyklandyryp biläýjek sahnalar ulanylar.
Bu çemeleşmäniň diňe treýlerlerde däl, eýsem filmleriň, teleseriallaryň we hatda audiokitaplaryň doly görnüşlerinde hem ulanylyp bilinjekdigi bellendi. Şahsylaşdyrylan mazmuny döretmek üçin, abonentler baradaky maglumatlary, şol sanda görlenleriň taryhyny görmek meýilleşdirilýär.
Fewral aýynda berlen başga bir patentde interaktiw taslamalary döretmegiň tehnologiýasy beýan edilýär. Tomaşaça sýužete täsir etmek teklip edýär we AI ulanyjynyň isleglerine esaslanyp, mümkin bolan ssenarileri döredýär. Mysal üçin, romantika bilen gyzyklanýan tomaşaçylara wakanyň degişli öwrümi hödürlenip bilner.
Business Insider-iň pikirine görä, bu Netflix-iň täze tehnologiýalary ulanyp interaktiw mazmunyň ösüşini dikeltmek meýilnamalarynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Kompaniýa ozal şuňa meňzeş interaktiw taslamalary eýýäm çykarypdy – “Gara aýna: Brandaşmyg” (2018) (“Черное зеркало: Брандашмыг”) we “Ýanbermezek Kimmi Şmidt: Kimmi ruhana garşy” (2020) (“Несгибаемая Кимми Шмидт: Кимми против преподобного”), ýöne soňra olary platformadan aýyrdy.

"Death Stranding, Metal Gear Solid ýa-da Quantic Dream taslamalary ýaly wideo oýunlaryna seretseňiz, hemme zat uzyn interaktiw film ýaly düzülen. “Gara aýnanyň” indiki möwsüminiň şeýle synaglar üçin meýdança bolmagyna garaşylýar "- diýip, mediýa we AI ugry boýunça seljeriji Fil Petitpont belleýär.


23.06.2026 22:06
916

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......