Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady

  • 05.06.2025 15:57
  • 3.6k+

Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi.

Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň habar bermegine görä, täze Galaxy S26 içerki Perplexity programmasyny alar. Ol smartfonda esasy AI kömekçisi bolar. Şeýle hem Perplexity gözleg ulgamyny, enjam entek resmi taýdan çykmazdan ozal, Samsung-yň firma brauzerine we OneUI gabygyna birikdirmek meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, Samsung kem-kemden Google-yň hyzmatlaryna garaşlylygyny azaldar. Perplexity bilen täze hyzmatdaşlyk kompaniýanyň tutuş ekoulgamynyň ösüşine täsir edip biler. Çeşmeleriň habaryna görä, taraplar çuňňur AI integrasiýaly öz operasiýa ulgamyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Bixby ses kömekçisini gaýtaryp getirmek hem göz öňünde tutulýar. Bixby Routines ýaly funksiýalarynyň bardygyna garamazdan, öň ol kän meşhurlyk gazanyp bilmedi. Perplexity-iň goldawy bilen taslama hasam ösdürilip bilner.
Samsung Galaxy Z Fold 7 we Z Flip 7-iň tanyşdyrylyş dabarasynda - iýul ýa-da awgust aýlarynda integrasiýanyň goşmaça jikme-jikliklerini açyp biler.


13.05.2026 15:09
4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

12.05.2026 14:43
7.3k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......