Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

  • 13.05.2026 15:09
  • 4.5k+

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu ýerde ne neýroulgam ägirtleriniň ştab-kwartiralary, ne-de iri emeli aň (AI) startaplary bar. Tutuş girdeji diňe milli «.ai» domen adyna bolan eýelik hukugyndan gelýär.

Angilýa — Beýik Britaniýanyň özygtyýarlylygy astyndaky öz-özüni dolandyrýan çäkdir. Ol adybir adadan we 15-e golaý kiçijik adajyklardan ybarat. Çäginiň umumy meýdany bary-ýogy 91 inedördül kilometr bolup, bu Aşgabadyň meýdanyndan, takmynan, on esse kiçidir. Angilýanyň ilaty 18 müňe golaý adam.

Ýokary derejeli «.ai» internet domeni bu çäk üçin Anguilla Island sözüniň gysgaltmasy hökmünde berkidilipdi. Iňlis dilinde bu gysgaltma emeli aňyň (AI — artificial intelligence) umumy kabul edilen gysgaltmasy bilen birmeňzeşdir. Bu meňzeşlik onlarça müň tehnologiýa kompaniýalaryny öz saýtlarydyr internet çeşmelerini hut Angilýa zolagynda hasaba aldyrmaga iterdi.

Ada emeli aň pudagynyň ösüşini görkezýän özboluşly indikatora öwrüldi diýseň hem bolýar. «.ai» zolagyndaky hasaba alyşlaryň depgini dünýäniň IT-bazarynyň ösüşini aýdyň görkezýär:

  • 2022-nji ýylyň ahyry: 100 müňe golaý domen.
  • 2023-nji ýylyň ortasy: 350 müňden gowrak domen.
  • 2025-nji ýylyň ortasy: 850 müňden gowrak domen.
  • Häzirki wagt (2026-njy ýyl): san 1,2 milliondan geçdi we her gün ýene birnäçe müň birlik köpelýär.

Domen atlarynyň satylmagyndan gelýän býujet girdejileri hem uly ösüşi görkezýär:

  • 2022-nji ýyl: 7,7 mln dollar.
  • 2024-nji ýyl: 39 mln dollar.
  • 2025-nji ýyl: 85 mln dollardan gowrak.

Adaty ady hasaba aldyrmagyň bahasy 150–200 ABŞ dollaryndan başlanýar. Emma iň köp isleg bildirilýän salgylar (mysal üçin, you.ai ýa-da cloud.ai) auksionlarda ýüzlerçe müň dollara satylýar.

Häzirki wagtda domen senagaty Angilýanyň býujetine onuň esasy pudagy bolan syýahatçylyk bilen deň derejede girdeji getirýär (ozal syýahatçylygyň jemi içerki önümdäki paýy, takmynan, 37% bolupdy). Deňeşdirmek üçin: adanyň umumy jemi içerki önümi 2022-nji ýyldaky 300 million dollardan 2024-nji ýylda 456 million dollara çenli ýokarlandy.

Dolandyryş strategiýasy we Tuwalunyň ajy tejribesi

2024-nji ýylda Angilýanyň häkimiýetleri Identity Digital amerikan kompaniýasy bilen bäşýyllyk ylalaşyk baglaşdy. Bu kompaniýa reýestriň tehniki dolandyryşyny we tölegleri ýygnamagy öz üstüne aldy. Resmi däl maglumatlara görä, araçynyň hyzmat haky, takmynan, 10% bolup, girdejiniň esasy bölegi göni adanyň gaznasyna gelip gowuşýar.

«Bi-bi-si» agentliginiň ýazmagyna görä, şeýle dolandyryş modeli çägiň bähbitlerini goramaga we Tuwalu döwletiniň goýberen ýalňyşlyklaryndan gaça durmaga kömek eder. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda «.tv» domeniniň eýesi bolan Tuwalu, ony ulanmak hukugyny VeriSign kompaniýasyna berk kesgitlenen töleg esasynda (başda ýylda 2 million dollar) beripdi. Soňra, wideokontent internetiň esasy bölegine öwrülende, Tuwalunyň häkimiýetleri bu tölegleriň milli serişdäniň hakyky bazar gymmaty bilen deňeşdireniňde «örän ujypsyz» bolup çykandygyny boýun aldy.


28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

27.05.2026 14:36
5k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......