Disney we NBCUniversal öz personažlaryny ulanandygy üçin neýroulgamy kazyýete berdi

  • 15.06.2025 15:33
  • 5.1k+

The Walt Disney Company we NBCUniversal kinokompaniýalary Los-Anjelesiň federal kazyýetine emeli aňyň kömegi bilen şekil döretmek bilen meşgullanýan Midjourney startapyna garşy şikaýat arzasyny berdi. Bu barada The New York Times habar berýär.

Kompaniýalar Midjourney-i öz algoritmlerini okatmak üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontentleri bikanun ulanmakda hem-de ygtyýarnama almazdan Disney-iň we Universal-yň Dart Weýder, Minýonlar, “Doňan ýürekden” şa gyzlary Anna we Elza, Şrek we Gomer Simpson ýaly belli gahrymanlaryny göçürýän şekilleri döretmekde aýyplaýar.

“Midjourney Disney-iň we Universal-yň gahrymanlaryny döretmäge ýekeje teňňe sarp etmezden, olaryň nusgasyny alýar. Bu garakçylyk” – diýlip, şikaýat arzasynda aýdylýar.

Indi studiýalar Midjourney-den öwez tölegini, düzgün bozmalar bilen baglanyşykly girdejiler barada hasabaty we öz kontentleriniň mundan beýläk ulanylmagyna kazyýet gadaganlygyny talap edýär.

“Garakçylyk, hatda ony EA kompaniýasy etse-de, garakçylyk bolup galýar” – diýip, Disney-iň baş hukuk geňeşçisi Orasio Guterres belledi. Onuň aýtmagyna görä, Disney jogapkärli ulanylan ýagdaýynda EA-nyň ösdürilmegini goldaýar. NBCUniversal-yň wekili Kim Harris şikaýat arzasynyň hudožnikleriň zähmetini we kontente maýa goýumlary goramak üçin berlendigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Disney we Universal eýýäm startapa nägilelik hatyny iberdi, ýöne hiç hili jogap almady.
Midjourney – tekst beýany boýunça şekil döredýän neýroulgam. Ol San-Fransiskodaky adybir startap tarapyndan döredildi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy alym we Maks Plank institutynyň öňki işgäri Dewid Holsdyr. Midjourney-e ýazylyşyk aýda 10 dollardan 120 dollara barabar. Geçen ýyl kompaniýanyň girdejisi, takmynan, 300 mln dollar boldy.


11.06.2026 23:59
6.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....